BDPU - Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy mugallymçylyk uniwersitetidir. Mugallymçylyk biliminiň abraýynyň ösüş görkezijisi daşary ýurt raýatlaryň BDPU okaýanlaryň sanynyň ýylda köpeliş tendensiýasy bolup durýar.
Taýýarlyk bölüminiň diňleýjileriň, talyplaryň, magistrleriň, aspirantlaryň, stažýorlaryň, IPKweP diňleýjileriniň düzüminde 15 sany döwletden (Azerbaýjan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Litwa Respublikasy, Latwiýa Respublikasy, Yrak Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Türkmenistan we beýlekiler.) 500 gowrak daşary ýurt talyplary bardyr.
Ähli daşary ýurt talyplaryna umumy ýaşaýyş jaýlarynyň abatlanan, rahat otaglary berilýär. Talyplar öz okuwynda iň häzirki zaman kömekçi serişdelerini ulanmak mümkinçiligine eýedir: uniwersitetiň giň kitaphanasy, okalga zallary, naharhana, sport we trenažýor zallary, howuzlar.
Uniwersitetiň durmuşynda talyplaryň medeni-boş wagt işi uly ähmiýete eýeleýär, onuň koordinatory “Ýunost” talyplar kluby (BDPU talyplar döredijilik merkezi) çykyş edýär. Talyplar kluby biziň uniwersitetimiziň ýaşlarynyň estetiki we ruhy-ahlak terbiýesi boýunça işjeň işi alyp barýar
Uniwersitetden öňki taýýarlyk fakulteti |
8 aý |
Uniwersitetden öňki taýýarlyk fakultetini tamamlandygy hakynda şahadatnama |
|
15-nji okýabry boýunça |
|||
II derejeli ýokary bilim (magistratura) |
2 ýyla çenli |
ýylyň dowamynda |
Magistriň diplomy |
Goraýjynyň diplomy (üstünlikli tamamlan ýagdaýyynda) |
2. Daşary ýurt raýatlaryny okuwa kabul ediş şertleri.
Belarus Respublikasynda okuwa çakylygy almak üçin halkara hyzmatdaşlyk müdirligine şu aşakdaky resminamalaryň göçürmelerini garalmaga bermek (This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.elektron poçtasy ýa-da + 375 17 226 40 18; + 375 17 226 40 24 faks boýunça) zerur bolup durýar:
- sowalnamany doldurmak (ýüklemek);
- orta bilim şahadatnamasynyň ýa-da bilim hakynda beýleki resminamanyň notarial tassyklanan taýdan göçürmesi;
- notarial taýdan tassyklanan belorus ýa-da rus diline orta bilim şahadatnamasynyň ýa-da bilim hakynda beýleki resminamanyň terjimesi;
- şahsyýetini tassyklaýan pasportyň ýa-da beýleki resminamanyň göçürmesi
- notarial taýdan tassyklanan belorus ýa-da rus diline şahsyýetini tassyklaýan pasportyň ýa-da beýleki resminamanyň terjimesi;
- okuwa dalaşgäriň gelen ýurdunyň resmi saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk netijesiniň notarial taýdan tassyklanan göçürmesi.
SIZIŇ ÜNSÜŇIZI ŞULARA ÇEKÝÄRIS! Ähli resminamalaryň göçürmeleri notariusyň möhüri bilen berkidilen bolmaly, daşary ýurt dilinde ýerine ýetirilen ähli resminamalara bolsa olaryň rus dilindäki terjimesini goşmak zerur bolup durýar. Terjime notarial tertipde tassyklanan bolmalydyr.
Türkmenistanyň raýatlara maglumat! Ýoma girmek üçin hukugy umumy bilim mekdebiniň 10 (11) synplaryny tamamlan şahslar eýedir.
Halkara hyzmatdaşlyk müdirligi dalaşgäre okuwa resmi çakylygy iberýär, ol dalaşgäriň ýaşaýyş ýeri boýunça Belarus Respublikasynyň konsul edaralaryna okuw wizasyny almaga mümkinçilik berýär.
Okuwa resmi çakylyk mugt amala aşyrylýar.
3. Resminamalary kabul etmegiň möhletleri.
BDPU girmek üçin şu möhletde gijä galman resminamalary tabşyrmak zerur bolup durýar:
- 15-nji oktýabry - fakultetlere girmek üçin;
- 1-nji noýabry- uniwersitetden öňki taýýarlyk fakultetine girmek üçin;
- ýylyň dowamynda - magistratura, aspirantura girmek üçin.
4. Kabul ediş şertleri.
Daşary ýurt raýatynyň Belarus Respublikasyna gelmegi bilen şular zerurdyr:
- BDPU kabul ediş toparyna resminamalaryň bukjasyny bermeli we uniwersitete kabul ediş prosedurasyny geçmeli:
- hünärini görkezmek bilen okuwa girmek hakynda arza (kabul ediş toparyna resminamalar tabşyrylanda doldurylýar);
- orta bilim şahadatnamasynyň ýa-da bilim hakynda beýleki resminamanyň asyl nusgasy;
- ýaşaýan ýurdunyň resmi saglygy goraýyş edarasy tarapyndan tassyklanan Belarus Respublikasynyň klimat şertlerinde okamak mümkiçiligini tassyklanan saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk netijesiniň asyl nusgasy;
- okuwa gelen dalaşgäriň ýurdunyň resmi saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen AIW-infeksiýasynyň ýoklugy hakynda lukmançylyk şahadatnamasy;
- Belarus Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan bellenen görnüş boýunç a saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk kepilnamasy. Kepilnama Minsk şäheriniň 33-nji talyplar saglyk öýünden almak zerur bolup durýar;
- bellenen tertipde tassyklanan dogluş hakynda şahadatnamasynyň göçürmesi;
- 3х4 sm ölçegde 6 fotosurat;
- uniwersitetden öňki taýýarlyk fakultetini, taýýarlyk bölümini (bar bolsa) tamamlandyy hakynda şahadatnama (şahadatnama);
- pasporty ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama.
SIZIŇ ÜNSÜŇIZI ŞULARA ÇEKÝÄRIS! Ähli resminamalaryň göçürmeleri notariusyň möhüri bilen berkidilen bolmaly, daşary ýurt dilinde ýerine ýetirilen ähli resminamalara bolsa olaryň rus dilindäki terjimesini goşmak zerur bolup durýar. Terjime notarial tertipde tassyklanan bolmalydyr.
- Söhbetdeşlikde geçmek.
- Okuw üçin şertnama baglaşmak, okuwa tölemek (okuw tölegi her ýyl BDPU rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar).
- Belarus Respublikasynda wagtlaýyn gelmek üçin rugsatnamany (wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamany) resmileşdirmek
SIZIŇ ÜNSÜŇIZI ŞULARA ÇEKÝÄRIS!
Daşary ýurt raýatynyň Belarus Respublikasyna gelmegi bilen üç günüň dowamynda Belarus Respublikasyna wagtlaýyn gelmek üçin rugsatnamany (wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamany) resmileşdirmek üçin şu aşakdaky resminamalayr halkara hyzmatdaşlyk bölümine tabşyrmak zerur bolup durýar:
- okuw wizasy bilen pasport;
- migrasion karty;
- pasportyň göçürmesi;
- 2 fotosurat;
- Lukmançylyk ätiýaçlandyryş;
- hasaba almak üçin döwlet paçlarynyň tölenendigi hakynda kwitansiýa.
Belarus Respublikasyna daşary ýurt raýatlarynyň gelmegi ýörite düzgünler bilen düzgünleşdirilýär, olary bozanlygy üçin daşary ýurt raýaty administratiw temmä ýa-da deporta sezewar edilip bilner. Şol sebäpli hemişe ýanyndan şahsyýetini tassyklaýan resminamalar bolmalydyr.
Belarus Respublikasyna daşary ýurt raýatlarynyň geliş düzgünleri hakynda doly maglumat Siz halkara hyzmatdaşlyk müdirligine tabşyrmalysyňyz.